Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary möhüm meseleleriň birnäçesini telefon arkaly maslahatlaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de köptaraplaýyn düzümleriň, hususan-da, ÝB-niň we BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şu ýylyň oktýabrynda Gordan Grliç-Radmanyň Aşgabada amala aşyran saparynyň netijeli geçendigi bellenildi. Saparyň çäklerinde Horwatiýanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Mundan başga-da, taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, hem-de şeýle hem Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek halkara forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.