Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady.

Syýasy-diplomatik ulgamda iki ýurt halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Iki döwletiň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etdirýändigi bellenildi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, gazak we türkmen halklarynyň dostlukly gatnaşyklar, taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklardygyny belledi.

Gazagystanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi.

Mundan başga-da, ol okgunly ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyldy, Gazagystanda we Türkmenistanda iki halkyň ruhy-medeni mirasyna uly goşant goşan görnükli şahsyýetleriň, hususan-da, Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Kurmangazy Sagyrbaýulynyň we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylandygyna ünsi çekdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny nygtap, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň we beýleki sebit mehanizmleriniň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa ulgamynda senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek, “ýaşyl” gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.

Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir.

Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belledi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.