Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Liwiýada dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.
Şeýle-de dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmekde, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem täze mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinidir usullaryny gözlemek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli dialogyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.