«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylyşy Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň LLDC-niň işleri boýunça Ýokary wekiliniň Kätipliginiň (OHRLLS), Parlamentara Bileleşiginiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi.

Gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ornuny tutan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny öňe sürmekde parlamentleriň ähmiýetini berkitmäge ünsi jemlediler. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekden ýüze çykan meseleler we sapaklar ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem karz ýükleri, serişdeleriň ýetmezçiligi we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleri çözmek babatynda kanunçykaryjylyk, gözegçilik, býujet we wekilçilik ugurlarynda parlamentiň wezipelerini güýçlendirmegiň zerurlygy nygtaldy.

Bölümçeleriň birinde LLDC-ni goldaýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmekde parlamentleriň gatnaşmagynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sanly söwdany ýeňilleşdirýän we LLDC ýurtlarynyň ykdysady durnuksyzlyk şertlerinde ählumumy önümçilik-satuw zynjyrlaryna gatnaşygyny ýokarlandyrýan kanunçylyk esaslaryny ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

LLDC-niň parlamentleri bu ýurtlaryň geografiki ýerleşişi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmegi maksat edinýän Hereketleriň täze maksatnamasynyň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýärler. Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aç-açanlygy, jogapkärçiligi hem-de inklýuziwligi üpjün edýärler we şeýlelik bilen hökümet, raýat jemgyýeti we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm baglaşdyryjy güýç hökmünde çykyş edýärler.

Ýene bir bölümçe durnukly ösüşi gazanmakda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we jogapkärçilikli dolandyryşyň ornuna bagyşlandy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda aýal-gyzlaryň, ýaşlaryň we ejiz toparlaryň wekilçiligini artdyrmak we LLDC bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini öz içine alýan parlamentleriň inklýuziwligine gönükdirildi.

Forum Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny milli parlamentleriň esasy işlerine goşmak üçin anyk ädimleri beýan edip, herekete çagyryş bilen tamamlandy. Jemleýji jarnama LLDC-3-iň jemleýji umumy mejlisinde hödürlener we maslahatyň jemleýji hasabatyna goşular.