Gazagystan Respublikasynyň DIM-däki duşuşyk

photo

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ministr M.Nurtleu Türkmenistany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine bolan ähmiýetini ýokary baha berdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady, tranzit-transport we energetika ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Gazagystanyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Taraplar 2025-nji ýylda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki çäreleriň tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Daşary işler ministri Murat Nurtleua, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri,  Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelowiç Tokaýewiň adyna iberilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin resmi çakylyk gowşuryldy.