Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.

Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.