Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanlary köşgüň içine girip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi «Rowaç» zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşuşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Lideriniň şu resmi saparynyň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, gatnaşyklaryň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmaga hyzmat etjekdigini belledi.
Şu ýyl görnükli şahsyýetleriň – türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi.
Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar – Günbatar hem-de Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Yzygiderli ösdürilýän we giňeldilýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Gazagystan bilen gatnaşyklarymyzyň örän möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da işjeňleşip, dürli bilelikdäki çäreler geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerine gyzyklanma bildirip, olary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.
Gazagystanyň Baştutany sözüni dowam edip, şu gün ikiçäk gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, geljek üçin onuň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady. Prezidentleriň tabşyrygy boýunça iki döwletiň Hökümetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň üstünde işleýärler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, bu babatda soňky ýyllarda uly ösüş gazanyldy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Senagat, ulag, logistika we beýleki ulgamlarda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Hökümetara toparyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de işewürler geňeşiniň netijeli işi muňa ýardam edýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi geçen hepdede geçirildi.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize gazak halkynyň medeni mirasyny goldaýandygy, şeýle hem özüne Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Gazagystan Respublikasynyň Baştutany üstaşyr ulag ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtady. Bu babatda ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýä bileleşiginde eýeleýän ornuny ep-esli güýçlendirdi we halkara abraýyny pugtalandyrdy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtymguly» zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.