Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne ugrady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler.
Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Türkmenistanyň Baştutany çykyşyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär, diýip belledi. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem-de anyk wezipeleriň öňde goýlandygyny belledi. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar.
Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk - Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi.
Şeýle işi Gündogar - Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, Türkmenistanyň energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Mejlisiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri seljerildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler anyklaşdyryldy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan netijeli dialoga ygrarlydyklaryny, deňhukuklylyk, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.
Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Wnukowo-2» Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady.