Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.
ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryna Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şunda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formaty ýaly köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ilerledilýändigi aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny tassykladylar.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistan Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.