Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.
Ç.Leýko öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändigini buýsanç bilen nygtap, Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri babatda degişli kanunçylyk binýadynyň, giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda kompaniýanyň oba hojalyk tehnikalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň mysalydyr. Mundan başga-da, oba hojalyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça «John Deere» kompaniýasy bilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan taslamalara ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalaryň, ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Çaba Leýko özlerine bildirilýän ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.