Albaniýa Respublikasynyň, Portugaliýa Respublikasynyň we Fillipinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albaniýa Respublikasynyň Ýewropa ișleri we Daşary işler ministri Igli Hasani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy bellenildi. Ilçileri akkreditasiýa etmegiň we syýasy geňeşmeleri geçirmegiň üsti bilen ýola goýulýan yzygiderli dialogyň  ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda söwda we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek, syýahatçylyk, maýa goýumlaryny çekmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki resminamalary işläp düzmek barada pikir alyşdylar.

***

Günüň dowamynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Portugaliýanyň Döwlet ministri we Daşary işler ministri Paulu Ranžel bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Taraplar suw serişdelerini dolandyrmak, sanlylaşdyrmak, ylym, medeniýet we bilim pudagynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanda we Portugaliýada geçirilýän çärelere gatnaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Filippinleriň Daşary işler ministri Enrike Manalo ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Syýasy dialogy işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Merkezi Aziýa we ASEAN ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze formatyny döretmek hakyndaky türkmen tarapynyň başlangyjy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi.  Türkmenistan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltjek «Merkezi Aziýa – ASEAN» dialog mehanizmini ösdürmegi teklip etdi.