BMG-niň Baş Sekretarynyň Parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretarynyň Parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary Žan-Piýer Lakruanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öz ygrarlylygyny tassyklady. Taraplar parahatçylyk döredijilik çäreleriniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini bellediler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Parahatçylyk döredijilik boýunça ýörite komitetiniň parahatçylygy goraýyş meseleleri boýunça döwletara gepleşikleri üçin iň amatly platforma hökmündäki orny duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Gatnaşanlar bu komitetiň çäginde parahatçylygy goraýyş çäreleriniň şertlerine umumy çemeleşmeleri ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hukuk ýagdaýyna esaslanyp, türkmen tarapy parahatçylygy berkitmek boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmagyň görnüşlerine garamaga taýýardygyny mälim etdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny göz öňünde tutup, BMG-niň degişli düzümleriniň işine gatnaşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetde ösjekdigine ynam bildirdiler.
Mundan başga-da halkara howpsuzlygyna abanýan täze howplar we wehimler hem-de olaryň parahatçylyk döredijilik işine edýän täsiri barada pikir alyşmalar geçirildi.