Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Jedelleriň öňüni almak boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Ketrin Fironyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň sebitleýin howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ünsi çekmek bilen, guramanyň işini häzirki görnüşinde mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda häzirki wagtda dowam edýän we geljekki bilelikdäki iri taslamalar hem-de maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ozal ÝHHG-niň çäklerinde öňe sürülen Bitewi howpsuzlyk strategiýasyny, ÝHHG-nyň ekologik maksatnamasyny taýýarlamak we durnukly ulag boýunça degişli düzümi döretmek ýaly teklipleri gaýtadan beýan etdi. Bular Guramanyň işleýşini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan we şol bir wagtyň özünde daşky gurşawy goramak hem-de ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna jogap berýär.