Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmäge ýurtlaryň özara ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň  mümkinçiliklerine garadylar we ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň tertipnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen dabaralandyryldy.