Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary – hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag, logistika we gämi abatlaýyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda bilim we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.