Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Özbegistanyň döwlet Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa senagaty ýaly ugurlary öz içine alýandygyny bellediler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy, parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ilerledilýändigi nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.