Türkmenistan we Germaniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi goldaýarlar
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine Türkmenistan bilen GFR-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň dowamynda Federal Kansler Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Olaf Şols türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Germaniýanyň Federal Kansleri alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary netijesinde belent halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga Germaniýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzakmöhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar 90 sany dürli ylalaşyklary we şertnamalary öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik maslahatlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny aýratyn belledi.
***
Şol bir gün Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny belledi. Munuň şeýledigini şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem tassyklaýar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, innowasiýa we tehnologiýa ugurlary hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugulary hökmünde kesgitlenildi.