Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, malaý tarapyna – Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato Ahmad Rozian bin Abd Gani ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň diplomatlary köptaraplaýyn we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegi nazara almak bilen, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda huzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň gatnaşyklary ösdürmekde möhüm faktor bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de işewürlik forumlaryny we mowzuklaýyn sergileri yzygiderli geçirmek, işewürlik missiýalaryny guramak we iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugry dogrusynda hem durlup geçildi, bu babatda ýurtlar bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin baý tejribä we uly mümkinçiliklere eýedirler.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berjek bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.