Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür türkmen halkynyň Milli Liderini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Ýurduň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri bellemek bilen, Ahmet Çalyk gurluşygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparyna ynanylan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň täze binasynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtady. Bina bir gün öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşine şatlygymyzy paýlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli amala aşyrylan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlardyr kompaniýalar bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýandygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.