Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinler Respublikasyna sapary
2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Manila şäherinde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa Tereza Lazaro ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada we olary amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak dogrusynda pikir alyşmalar boldy.
Şeýle-de taraplar sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklary yzygiderli saklamagyň möhümdigini bellediler.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen-filippin gatnaşyklaryny ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, parlamentara gepleşiklerini has-da isjeňleşdirmek barada umumy pikirler beýan edildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, diplomatlar energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljermek bilen, taraplar iki ýurduň import we eksport mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle-de gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ýagdaýyna we ony giňeltmek baradaky tekliplere hem garaldy.
Mundan başga-da taraplar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän we aýrylmaz faktor hökmünde çykyş edýän medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler sekretary Enrike Manalonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan özara meýil tassyklanyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Filippinler Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Jude Aguliaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-filippin dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna sapary dowam edýär.