Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Elizabet Rudy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Prezidentine salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi. «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň maýynda Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzuň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.
Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.