ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy hususan-da, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklarymyzy girizmek babatynda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen teklipler bilen baglylykda ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisi açmak bilen R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň 6 aýynyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemledi, şeýle hem toparyň işiniň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Maksatnamada öňde goýlan wezipeler boýunça maglumat diňlenildi.

Iň möhüm wakalaryň hatarynda 16-njy maýda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň geçirilmegi bellenildi. Bilşimiz ýaly, çäräniň ahyrynda Jemleýji resminama kabul edildi.

Bellenilşi ýaly üstümizdäki ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň çäklerinde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we konserwirlemek boýunça işler geçirildi.

Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek we ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek boýunça işler barada aýdyldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda ÝUNESKO-nyň abraýly düzüm birliklerinde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, maglumat alşygy we sanly taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, guramaçlyk we beýleki meselelere garaldy.