Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz «Akorda» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň Baştutany mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Astana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň we ŞHG-niň sammitine gatnaşmagynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.
Dostlukly ýurduň Lideri döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny asyrlaryň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk däpleriniň düzýändigini nygtap, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystana gelmäge we hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky dialogyň däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, söwda-ykdysady ulgam onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunda bilelikdäki düzümleriň – hökümetara toparyň we işewürler geňeşiniň işine möhüm orun degişlidir.
Ulag-kommunikasiýa, logistika ulgamy türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu babatda giň gerimli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar.
Energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Transmilli gaz geçiriji munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol gaz geçiriji boýunça mawy ýangyç Türkmenistandan Hytaýa iberilýär.
Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz we Gazagystanyň Prezidenti däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy hem-de şol ýerden Watanymyza ugrady.