Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk» köşgüne ugrady. Bu ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirildi.
Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň hem-de guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy.
«Garaşsyzlyk» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.
Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, uly mejlisler zalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» görnüşindäki mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýygnananlary mähirli mübärekläp hem-de parahatçylykly, sazlaşykly ösüşiň gün tertibini ilerletmekde şu sammitiň ähmiýetini belläp, mejlise gatnaşyjylara söz berdi.
Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär.
Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz üstaşyr ulag ulgamy babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry aýratyn belledi.
Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika we kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Gürrüň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, «ýaşyl» gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.
Türkmenistan ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şol bir gün Gahryman Arkadagymyz Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şeýle hem. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Astanada gazak kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.