Astana şäherinde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Astana şäheriniň akimi Ženis Kasymbek we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär diýip nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etmek bilen, hemme döwürlerde ysnyşykly, ýakyn gatnaşyklary saklamakda medeniýetiň, sazyň, şygryň umuman, döredijiligiň uly ornunyň bardygyny belledi.
Ýadygärliginiň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew Magtymguly Pyragynyň mirasynyň tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýandygyny aýtdy. Şonuň üçin hem üstümizdäki ýyl TÜRKSOÝ tarapyndan şahyryň ýyly diýlip yglan edildi we onuň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň möhüm seneleriniň sanawyna girizildi. Emma Gazagystanyň halky üçin şahyryň döredijiligi aýratyn mana eýlenendir we doganlyk mährine çoýulandyr. Maulen Aşimbaýewiň nygtamagyna görä, beýik Abaýyň goşgulary we filosofiki prozasy ýaly türkmen halkynyň dana oglunyň şahyrana mirasy Gazagystanda türki medeniýetiniň umumy hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edilýär.
Türkmen şahyrynyň ýadygärligi Gazagystanyň paýtagtynyň depginli ösýän we möhüm ýerleriniň birinde bina edildi. Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.