Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.
Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Döwlet baştutanymyz Günorta Koreýanyň meşhur kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu aýda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Saparyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar.
Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we «Aşgabat-siti» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Koreý kompaniýalary türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurdumyzyň gaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.