«Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tasuýa Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.