Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň - Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.