BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Demokratik institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň degişli halkara guramalary bilen alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bu hyzmatdaşlyk guralynyň çäklerinde alnyp barylýan BMG bilen oňyn dialog barada nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde hödürlenen teklipleri durmuşa geçirmek görkezildi.