Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy Mihail Mişustine söz berildi. RF-niň Hökümetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde öz işine başlan mejlisi açyp, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidenti hoşallygyny bildirdi.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri we senesi bilen bagly meselä hem seredildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, mejlis 2024-nji ýylyň noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçiriler.
Soňra mejlis giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew çäkli düzümde geçen duşuşykda garalan meseleler, mejlisiň geljekki işiniň tertibi baradaky maglumat bilen çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň adyndan Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisine akyldar şahyryň hormatyna guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirildi.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi. Bildirilen myhmansöýerlik we GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Mejlis tamamlanandan soňra, metbugat maslahatynda onuň netijeleri beýan edildi. Habar berlişi ýaly, çäkli we giňişleýin düzümde geçen duşuşyklarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeliligi nygtaldy. Gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Şu gezekki mejlisi guramaga beren goldawlary, bilelikdäki netijeli işlemek babatda döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk beýan edildi. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň formatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan saldamly goşandy nygtaldy.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.