Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynda Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy
2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy we ol ýerde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary bilen baglanyşykly matam çäreleri geçirilýär.
Ilçihananyň kabul ediş jaýynda R.Meredow, Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň we halkynyň adyndan Hatyra kitabyna ýazgy ýazyp, wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Eýranyň tutuş halkyna çuňňur gynanç bildirdi.