Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kömekow Toýly  Babaýewiç Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap,  Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklary birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Geçen ýylyň dowamynda iki ýurdyň ýolbaşçylarynyň biri-biriniňkä amala aşyran saparlary we şol saparlarda gol çekişilen strategik hyzmatdaşlyk hem-de serhediň demarkasiýa edilmegi hakyndaky ylalaşyklary bolsa, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi berendigini N.Nazarbaýew hoşallyk bilen nygtady.

Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gazanan köp ugurly ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek ugrunda işleri alyp barjakdygy barada ynandyrdy.