Almaty şäherinde «ÝB – Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Alamaty şäherinde «ÝB - Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa sebitleriniň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli plenar duşuşygy geçirildi.

Ýokary derejeli forumyň maksady Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hereket edýän başlangyçlar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kabul edilen strategiýalar esasynda, iki sebitiň ýurtlaryna ýaşyl we sanly ulgama geçmek, işewürlik gurşawy, söwda we arabaglanyşyk mümkinçilikleri gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary berkitmekden ybarat bolup durýar.

Agzalan çärä Türkmenistan bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Gyrgyzystanyň premýer-ministri Akylbek Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Prezidenti Odil Reno-Basso, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa we birnäçe halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi hem-de ol Forumyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Agzalan forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewropa komissiýasynyň söwda we ykdysadyýet boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis, Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ähliumumy meseleler boýunça orunbasary Mýart Wolmer we Halkara söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Koke-Hamilton bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi.

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen geçirilen duşuşklarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar infrastruktura, ýaşyl energiýa, oba hojalyk we nebit-gaz ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Türkmenistanyň möhüm strategik pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda «ÝB – Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumynyň çäginde iki sebitiň hususy pudagyny goldamak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürleriniň gatnaşmagynda Işewürlik Forumy geçirildi.

Bu çäre Halkara söwda merkezi bilen bilelikde guraldy. Agzalan işewürler maslahatyna Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri (maliýe we ykdysadyýet, söwda we hususy telekeçiler) gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa sebitiniň işewürleriniň arasynda hususy pudakda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly teklipleri hödürlediler.