TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

img
img
img
img

Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň berk esasynyň Prezident Emomali Rahmon we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygy bellenildi. Olaryň tagallalary esasynda däp bolan hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Namoýandagon Majlisiniň Başlygyna türkmen-täjik dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony geljekde ösdürmek, hususan-da, parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygy nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hereketleriň ösdürilmegi türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň gurallaryny güýçlendirmäge, oňa hil taýdan täze many-mazmun bermäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunda Türkmenistan parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de yzygiderli giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Ýakyn wagtda türkmen parlamentiniň deputatlary özleriniň toplan tejribeleri esasynda halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge jogapkär düzümleri döretmegi meýilleşdirýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky ilkinji çözgütleriň biriniň “Türkmenistan — Täjigistan” parlamentara dostluk toparyny döretmek barada boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle düzümiň döredilmegi Türkmenistanyň Mejlisi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem deputatlaryň, öz ýurtlarynyň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täze köptaraplaýyn görnüşleriniň döredilmegi goldanylýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy şeýle düzümleriň biridir. Ol ilkinji gezek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirildi.

Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleriniň türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri berjekdigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklaryň, “tegelek stol” we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

Şol gün Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.

Oli Majlisiň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, Täjigistanyň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýeti hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gepleşikler taraplaryň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrýan döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine, şol sanda parlamentara derejedäki hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, parlamentara hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak üçin oňyn mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparyna taraplaryň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garalýar. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilip, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine alýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygy babatda çemeleşmeleri utgaşdyrmak daşary syýasatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatynyň zerurdygy we möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalar bilen bu ulgamda köp işler ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünärmenleriň duşuşyklarynyň gurallary herekete girizildi, wekiliýetleri alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda parlament dostluk toparlary wajyp orny eýeleýär. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen-täjik parlamentara gatnaşyklary Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek işine saldamly goşant goşýar. Biziň parlamentarilerimiziň dürli sebit forumlarynyň işine gatnaşmagy bu ýerde üstünlikli syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Olaryň işi özara gatnaşyklaryň däp bolan diplomatik gurallaryny-da baýlaşdyrýar.

Içeri syýasatda durnuklylygy pugtalandyrmakda, demokratik institutlary ösdürmekde we berkitmekde, jemgyýetçilik ylalaşyklylygyny, durmuş adalatlylygyny saklamakda parlamentarileriň orny artýar.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýlary we wehimleri bilen baglylykda, döwletlerdir halklaryň arasynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde parlament diplomatiýasy örän zerur bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlament hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, bu ulgamda netijeli pikirleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.