TÜRKMENISTANDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda paýtagtymyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary bar.

Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golamabbas Arbabhales şu medeni çäräniň dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy taryhyna eýe bolan eýran-türkmen halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. 

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, “Kormanj” we “Ronak” belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi. 

Dostlukly ýurduň artistleriniň konserti 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem geçiriler.

Şeýle-de şol gün Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary eýranyň meşhur suratkeşleriniň eserlerini, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň - kalligrafiýaçylarynyň, halyçylarynyň, miniatýuraçylarynyň, agaçdan nepis şekilleri döredijileriň işleri bilen tanşarlar.

Kino sungatynyň janköýerlerine 13-14-nji fewralda “Aşgabat” kinokonsert merkezinde eýranly kinematograf bilen duşuşyk garaşýar. Şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen kinofilmler görkeziler.

EYR-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdirilen duşuşyklarynyň dowamynda medeni ugurda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tamamlanar. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar.