TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BIRINJI PARLAMENTARA FORUMYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Forumyň barşynda deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi ugrundaky hem-de bu prosesde Parlamentleriň ornuny, umumy taryhy-medeni mirasyň esasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň netijeleri boýunça Türkestan Jarnamasy kabul edildi. Resminamada ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Merkezi Aziýanyň bir bitewi medeni-taryhy giňişligini emele getirmäge gönükdirilen parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň mümkinçilikleri öz beýanyny tapdy.