TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň netijeliligini nygtadylar, häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasatynyň strategiki ugrudygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.