TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy.

Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti barada bellenildi.

Forumyň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň pudaklaýyn edaralaryndaky kärdeşlere sebitleýin ykdysady ösüşiň möhüm mesleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik beren birnäçe tematiki meýdançalar we tegelek stollar gurnaldy. Ykdysady gatnaşyklaryň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň görkezijisi hökmündäki orny barada aýratyn nygtaldy, şeýle hem Hazarda hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň berkidilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Mundan başga-da Forumyň dowamynda hazarýaka döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň “Işewür Hazar” atly Işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça Halkara geňeşiniň mejlisi geçirildi.