TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin ŞHG-niň sammitiniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, muňa Türkmenistana we ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary we köptaraplaýyn mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energetika ulgamynda uly tejribe toplady hem-de şol tejribesini paýlaşmaga, ŞHG-a agza döwletler bilen anyk energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işlere gatnaşmaga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň energetikada Türkmenistanyň ŞHG-a agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyna ynam bildirip, biziň ýurdumyz bilen ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň arasynda energetika meseleleri boýunça “ad hoc” (anyk maksada gönükdirilen) iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda sazlaşykly we netijeli işleri üpjün etmek üçin wagtlaýyn Utgaşdyryjy geňeşi döretmek hakynda teklibini hem beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň Türkmenistanyň bu guramanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljekdigine, Ýer ýüzünde ynamy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.