AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMYNYŇ ÝURTLARYNYŇ MILLI ADAM HUKUGYNY GORAÝJY EDARALARYNYŇ HÜNÄRMENLERI BILEN ADAM HUKUKLARY MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleri bilen duşuşygy geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde gurnalan sessiýa BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa, BMG ÖM-nyň ýurdumyzdaky hemişelik wekiliniň işlerini ýerine ýetirji N.Natswişwili, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili R.Komenda, Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň, BMG ÖM-nyň Stambul şäherindäki sebitleýin edarasynyň hem-de BMG ÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysy bilen Milli adam hukuklaryny goraýjy Edaralarynyň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan akkreditasiýa meseleleri boýunça tehniki geňeşmeler bu wideo-maslahatyň maksady boldy.

Gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we adam hukuklary bilen bagly meseleler babatynda bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdylar.