ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

Žozep Borrell Fontelles,  ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP)

2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim:

Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňsi gaýragoýulmasyzdygyny we onuň çözgüdi üçin häzirki wagtda biziň ählimiziň jemlenişmegimiziň neneňsi wajyp bolup durýandygyny nygtamakdan ybaratdyr. Ylmy maglumatlar doly aýdyňdyr: biz hakyky howa betbagtçylygynyň serhedinde durýarys, howanyň üýtgemegi – biziň öňümizde durýan iň wajyp geosyýasy meseleleriň biri bolup durýandyr. Howanyň üýtgemegi ÝB-niň içinde we onuň çäginden daşarda gaýtadan paýlamagyň meselelerini döredýär we durnuksyzlygyň hem-de migrasion basyşyň artmagynyň herekete getiriji güýji bolup durýar.

Bu sosial adalatlylyk ulgamynda kynçylyklary döredip, düşünişmezlikleri emele getirýär hem-de adam hukuklaryny howp astyna salýar. Bu köptaraplaýyn howplar diňe howa meseleleri boýunça işleýän hünärmenleriň tagallalary bilen çäklenmeli däl. Bu mesele biziň daşary syýasatymyzyň üns merkezinde bolmalydyr.

Ýewropa howanyň üýtgemegi bilen ählumumy göreşe ýolbaşçylyk edip biler. Biz 2019-njy ýylyň dekabrynda “Ýewropa ýaşyl hereketi” atly başlangyjy tassykladyk, oňa görä bolsa Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmäge boýun aldy. Emma, ÝB dünýä boýunça zyňyndylaryň diňe 9 göterimi üçin jogapkär, şonuň üçin hem başga ýurtlaryň hem bize goşulyşmagy zerurdyr.

Ikinjiden, bu Maslahat ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklamak üçin oňyn mümkinçilik döredýär. Hakykatda, biziň gatnaşyklarymyz täze tapgyra gadam basdy. Geçen ýyl ÝB-niň Daşary işler ministrleri bu sebit bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de bu giňişligiň has hem durnukly, özgerişli we arabaglanyşykly bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli täze Strategiýany kabul etdiler. Biz Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegiň wajyplylygyna ynanýarys. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň hem biziň bu babatda garaýyşlarymyzyň birmeňzeşdigini geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen Sammitiň dowamynda mälim etdiler.

Howanyň üýtgemegine garşy göreş biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar, çünki Merkezi Aziýa bu mesele babatynda güýçli ejir çekdi. Soňky üç on ýyllygyň dowamynda sebitde ortaça ýyllyk temperatura Selsiý boýunça 0,5 dereje ýokarlandy, gurakçylyk we suwuň ýetmezçiligi zerarly bolsa tutuş ekoulgamlaryň hereket edişi üýtgedi. Aral deňziniň ýok bolmagy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň görnetin şekli bolup durýandyr. Bu ýagdaýda, mesele diňe bir ekologiýa degişli bolman, eýsem onuň kenarynda ýaşaýan tutuş ilat üçin özbaşyna bir tebigy heläkçilik bolup durýandyr.

ÝB – siziň käbir beýleki hyzmatdaşlaryňyzdan tapawutlylykda – Merkezi Aziýadaky meseläniň çözgüdi babatynda hakykatdan-da sebitleýin hem-de serhetüsti çemeleşmäni teklip edip biler. Bizde siz bilen paýlaşyp biljek agramly tejribämiz bardyr. Meselem, biziň zyňylmalar üçin kwotaly söwda ulgamymyz sebitlere kömüri ulanmakdan boýun gaçyrmak prosesine ýa-da ekologiki taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky nou-haulara uýgunlaşmaklaryna ýardam eder. Howanyň üýtgemegine garşy göreşde maliýeleşdirmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy donory bolmak bilen biziň talap edilýän kömegi bermek üçin ýeterlik serişdelerimiz bardyr. Biz özümiziň agza-döwletlerimiz bilen birlikde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda dünýäniň döwlet maliýeleşdirilmesiniň 40% gowragyny üpjün edýäris.

Merkezi Aziýa ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän ençeme taslamanyň netijelerini görüp başlady. Biziň tarapymyzdan goldanylýan esasy sebitleýin başlangyçlaryň biri hem 2009-njy ýylda döredilen Daşky gurşawyň we suw serişdeleriniň goragy ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Platformasy bolup durýandyr. Onuň Iş toparynyň indiki mejlisi 12-13-nji fewralda Brýusselde geçiriler.

ÝB-niň beýleki ähmiýetli başlangyçlarynyň biri hem Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasy (CAWEP) bolup, ol energetiki we suw howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam berýändir. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň arasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy (IFAS) ýaly sebitleýin guramalaryň goldawynyň netijesinde Aral deňziniň basseýni ýaly suw serişdeleriniň umumy dolandyrylmagynyň meseleleri boýunça gepleşiklere itergi berdi. Onuň durmuşa geçirilmeginiň indiki tapgyrynda Amyderýanyň esasy kenarýaka ýurdy bolan Owganystan hem maksatnama goşular.

Ýewropa Bileleşigi on ýyla golaý wagtyň dowamynda Merkezi Aziýada ýerleşen uranyň çykarylmagy boýunça könelişen desgalaryň zyýansyzlandyrylmagy boýunça işlere işjeň gatnaşýandyr. ÝB sebitiň «ýaşaýyş jümmüşi» bolan Fergana jülgesinde uranyň çykarylmagy boýunça aýratyn könelişen 7 sany desgalara gatnaşykda Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň meýilnamalaryny goldamak maksady bilen 41 mln. ýewro maýa goýdy.

ÝB 1992-nji ýylda Helsinkide kabul edilen Serhetýaka akýan suwlarynyň we halkara kölleriniň goralyp saklanylmagy we ulanylmagy boýunça Konwensiýa goşulmadyk Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny, aýratyn hem Gyrgyzystany we Täjigistany oňa goşulmaga çagyrýar.

Öz wezipämiň çäklerinde men howanyň üýtgemegine garşy göreş ulgamynda hakykatdan hem global hyzmatdaşlygynyň üpjün edilmegi üçin öz güýjüm ýeten ähli işleri durmuşa geçirmeklige synanyşaryn. ÝB tutuş dünýäde öz ornuny aýan etmäge hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini içgin duýýan hyzmatdaşlary, hususan-da Merkezi Aziýa bilen ýakyndan işlemäge taýýardyr.