RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Apr

Türkmenistanyň DIM-de Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özara söwdany we m...

DOWAMY
19 Apr

Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz nobatynda, dostlukly döw...

DOWAMY
18 Apr

Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Öz gezeginde Ilçi umumy bähbitlere we maksatlara gabat gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mun...

DOWAMY
18 Apr

BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine BMG-niň 2026-2030-njy ýyllar döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de DÖM-lere ýetmegi çaltlandyrmagyň ählumumy mümkinçilikleri ýaly mes...

DOWAMY
18 Apr

Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow Ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýas...

DOWAMY
18 Apr

В зале Генеральной Ассамблеи ООН состоялось Заседание высокого уровня по сотрудничеству в области устойчивого транспорта

17 апреля 2024 года в зале Генеральной Ассамблеи ООН состоялось, инициированное Туркменистаном, Заседание высокого уровня по сотрудничеству в области устойчивого транспорта. В заседании, созванном Председателем Генеральной Ассамблеи ООН Д.Фрэнсисом в рамках Недели устойчивого развития, приняли участие главы специализированных международных организаций, руководители национальных министерств и ведомств транспортного сектора, главы и представители дипломатических миссий стран-членов ООН. Отме...

DOWAMY
17 Apr

TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr ge...

DOWAMY