RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Ýan

TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnag...

DOWAMY
29 Few

Beýik Britaniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp sergi geçirildi

2016-njy ýylyň 29-njy fewralyndaBeýik Britaniýanyň Kembrij Uniwersitetiniň ”Alison Riçard“ binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy bu ýokary okuw mekdebiniň “Kembrij Sentral Eýşa Forumy“ bilen bilelikde fotosurat sergisini geçirdi.

DOWAMY
18 Few

Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Turkmenistan Watanymyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy we medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we "Maksim Tank" adynd...

DOWAMY
13 Few

Ýaponiýada Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi

2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi. Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...

DOWAMY
15 Mar

Yslamabatda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty” atly ylmy-amaly halkara maslahaty geçirildi

2015-nji ýylyň 15-nji martynda Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy PYR-nyň Parahatçylygy we diplomatiýany öwreniş instituty, Pakistanyň Siwilizasiýalar Jemgyýeti bilen bilelikde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty” atly ylmy-amaly halkara maslahaty geçirdi.Maslahatyň işine PYR-nyň Premýer-ministriniň milli howpsuzlyk we daşary işler boýunça Geňeşçisi, PYR-nyň Daşary işler ministri Sartaj Aziz, PYR-nyň Milli Assambleýasynyň Daşary syýasat boýunça Hemişelik Komitetiniň...

DOWAMY
12 Mar

Kiýewde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara konferensiýasy geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P...

DOWAMY